Milli terbiýe — asylly ýörelge

26 Noýabr 2023
1439

Pähimdar pederlerimizden miras galan gymmatlyklarymyzyň biri hem terbiýe mekdebidir. Bu gymmatlyk ata-babalarymyzyň nesillere, ýaşlara aýratyn üns berendigini, olaryň kämil şahsyýetler bolmagy üçin aladalanandygyny aýdyň beýan edýär. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelgäni dowam etmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek mukaddes borjumyzdyr.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy, baý edebi gymmatlyklary, halk döredijiligi bar. Halk döredijilik eserleri durmuşyň baý tejribesinden mysal getirilip, çeper söz bilen paýhasyň beýan edilmegidir. Şeýle paýhasy özüne siňdiren nakyllar hem, atalar sözi hem her bir ynsan üçin ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Rowaýatlar hem halk döredijiliginiň bir görnüşi bolup, çeper sözde beýan edilýär. Umuman, halk döredijilik eserleriniň her biri ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetlidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, geçýän okuw sapaklarymyzda, esasan hem, edebiýat dersinde halk döredijilik eserlerine, nakyllara aýratyn üns berýäris. Okuwçylara her bir nakylyň manysyny, durmuşda gelýän aňlatmasyny düşündirýäris. Munuň özi terbiýeçilik ähmiýetli bolmak bilen bir hatarda okuwçylaryň söz baýlyklarynyň artmagyna, sözleýiş medeniýetine düşünmeklerine oňat täsir edýär. Aslynda hem okuwçylaryň dil baýlyklarynyň ösdürilmegi medeni sözleýişleriniň binýadydyr. Şonuň üçin hem diňe bir türkmen dili sapaklarynda däl, eýsem, edebiýat sapagynda hem eserleri okatmak, nakyllary aýtdyrmak bilen okuwçylaryň söz baýlyklaryny ösdürmek bolýar. Bu hem terbiýäniň asylly ýörelgesidir. Çünki ýaşlaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek terbiýäniň gözbaşydyr.

Aýgül HATAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 31-nji orta mekdebiň mugallymy.