Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Dekabr 2023

25 Noýabr 2023
2181

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04

Bu döwürde hamallar erkini elden bermän, özlerini rahat alyp barsalar, üstünlige barýan ýol has-da ýakynlaşar hem-de hamallaryň durmuşynda şowly günler köp bolar. Ulumsylyk, men-menlik ýaly häsiýetler hamallara ýaraşmaz. Bir maksat tutunyp, diňe şony amala aşyrmak üçin sabyrly hereket etmegiňiz gerek. Dynç günleriňizde-de tapyljak ownuk işlerden boýun towlamaň. Olar size girdejiňizi artdyrmaga itergi berer. Ýöne ony birden harçlamakdan saklanyň. Olar size geljek aýda has möhüm zatlary edinmegiňiz üçin gerek bolar. Bu aýda esasy ýaltalyga ýol bermeseňiz, egniňize gonjak «bagt guşuňyz» uçup gitmez. Ýakynlaryňyz, daş-töweregiňiz, işdeşleriňiz bilen mylakatly boluň! Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, eliňizden gelen kömegi gaýgyrmaň!