TÜRKMENISTAN — BELARUS: ylmy-tehniki gatnaşyklar ilerledilýär

24 Noýabr 2023
676

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Biz ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys” diýip nygtaýar. Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklar dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýär. Ylym-bilim we medeni ulgamyň hünärmenleri iki ýurtda guralýan halkara maslahatlara, sergilere we festiwallara çagyrylýar. Häzirki döwürde bu dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanly talyp ýaşlaryň müňlerçesi bilim alýar.

Ýakynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň üçünji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde iş saparynda boldy.

Allaberdi AŞIROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, fizika-matematika ylymlarynyň doktory.