Geçmişden gözbaşly goňşuçylyk türkmen-eýran gatnaşyklarynda beýanyny tapýar

23 Noýabr 2023
736

Eýran topragynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem halkara giňişlikde milli gymmatlyklara goýulýan sarpanyň nobatdaky şöhlelenmesidir. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny açyp görkezýän, halkymyzyň ruhy gymmatlyklar dünýäsini giňden tanyş edýän çäreler meýilleşdirildi. Döwletara gatnaşyklaryndaky başlangyçlardan ugur alýan, 23-nji noýabrda açylan Medeniýet günleri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda mynasyp beýanyny tapan ýurduň Yspyhan şäherinde dowam edýär. Bu medeni öwüşginli günler şäheriň «Talari Honar» zalynda açyldy. Onda türkmen medeniýet we sungat ussatlary joşgunly çykyş etdiler.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
«Medeniýet we syýahat» žurnalynyň jogapkär kätibi.