Sungatda sportuň waspy

23 Noýabr 2023
689

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri şekillendiriş sungatymyzyň ösüşine we many-mazmunyna-da öz oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda halypa mugallymlaryň goldamagy esasynda talyp ýaşlarymyz hem gözlegde bolup, öz pikirlerini şekillere geçirýärler. Munda nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, gobelen, keramika, zergärçilik işleri aýratyn orun tutýar.

Çagalaryň sporta we bedenterbiýä bolan höwesi ýaş suratkeş Gülşat Çaryýewanyň çeken «Buzly köşkde» (2017) atly eserinde öz beýanyny tapýar. Halypasy Babageldi Owganowyň ýardam bermegi bilen ýaş suratkeş öz döreden eserinde çagalaryň sport başarnyklaryny, çeýe hereketini, şadyýan keşbini we sporta bolan söýgüsini janly ýaly görkezmegi başarypdyr.

Güljahan ORAZBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.