Doganlyk ýurduň Medeniýet günleri geçirildi

23 Noýabr 2023
625

Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen guralan bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşant bolar.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýere iki ýurduň medeniýet ulgamynyň, Aşgabatda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Ýygnananlar döredijilik forumyny guramaga döredilen mümkinçilik üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de şu gezekki çäräniň türkmen we türk halklarynyň medeniýetleriniň özara baýlaşdyrylmagyna, döredijilik işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.