Halkara giňişlikde

23 Noýabr 2023
573

Türkmen-hytaý dialogy hereketde

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde iş saparynda bolup, hytaý tarapynyň wekilleri bilen möhüm duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy. Hususan-da, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirilip, onuň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna üns çekildi. Taraplar halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara hereketler, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary barada pikir alşyp, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýyna syn berdiler.

«Türkmenistan»