Sport diplomatiýamyz dabaralanýar

22 Noýabr 2023
474

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesi esasynda alyp barýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýar. Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar hem ýene bir gezek aýdyň tassyklaýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Ak şäherimiz Aşgabatda iri sport baýramçylygynyň — Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda eşiden bu hoş habarymyz buýsanjymyza buýsanç goşdy. Milli ýygyndymyzyň agzalary üçin bu ýaryşa taýýarlyk babatda ähli mümkinçiliklerdir şertler döredildi. Olar Aşgabat, Arkadag we Türkmenabat şäherlerinde, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl welaýatynda türgenleşikleri geçdiler.

«Esger».