Dünýäniň nazaryndaky çempionat

22 Noýabr 2023
434

Dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän künjegine öwrülen güneşli Diýarymyz ýene-de bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu bolsa, öz gezeginde, halkara we sebit derejesinde sport ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek babatda ýurdumyzyň baý tejribesine dünýäniň sport jemgyýetçiligi, halkara sport guramalary we federasiýalary tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Paýtagtymyzda geçirilýän dünýä çempionatyna 50-ä golaý ýurtdan 240-dan gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ak şäherimiz Aşgabat iň köp türgeni kabul etmek bilen, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň taryhynda mynasyp orun eýelär. Kuraş boýunça halkara assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal döredilen hem bolsa, sportuň bu görnüşine bolan gyzyklanma dünýäniň çar künjeginde giň gerim bilen ösmegini dowam etdirýär. Muňa soňky wagtlar Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň her ýyl ýokary guramaçylykly geçirilmegi hem öz täsirini ýetirýär. Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilen gözel Aşgabat şäheri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu halkara derejeli ýaryşyň on dördünjisini kabul edýär.

Rasul SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.