Sport baýramçylygyna öwrüler

22 Noýabr 2023
533

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki meşhurlygy barha artyp, türkmen sportunyň şan-şöhraty arşa göterilýär. Güneşli diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sportuň hem-de sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýetiň berilmegi, türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmekleri, iň esasysy-da ýurdumyzda iri ýaryşlaryň geçirilmegi bu babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Ak mermerli paýtagtymyz bu gün iri ýaryşlaryň ýene-de biriniň bosagasynda dur. Şu ýylyň 23—28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçirilýär. Oňa dünýäniň 50 töweregi ýurdundan ýygyndy toparlaryň gatnaşyp, medallaryň onlarçasy ugrunda göreşiljekdigi diýseň begendirýär. Bu ýaryş Türkmenistan Watanymyzyň dünýäde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilendiginiň, ýurdumyzyň sport boýunça milli strategiýasynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp beýany bolup durýar. Öňdäki ýaryşlaryň sport baýramçylygyna öwrülip, üstünlikli geçjekdigine, türkmen türgenleriniň hem şowly çykyş etjekdigine ynanýarys.

Meýlis DURDYÝEW,
“Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň bölüm müdiri.