Ýaryşlar çekeleşikli dowam edýär

22 Noýabr 2023
376

Şu günler «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlaryň etrap tapgyrlary giň gerime eýe bolýar. Mekdep okuwçylarynyň arasynda uly meşhurlyk gazanan bu sport ýaryşlaryna gyzyklanmanyň barha artýandygyna onuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça Tejen etrap tapgyry hem şaýatlyk etdi. Bu ýaryş “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölüminiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň meýilnamasy esasynda geçirildi.

Etrapdaky 41-nji orta mekdebiň sport zalynda döredilen şertler ýaryşyň guramaçylyk derejesine oňyn täsirini ýetirdi. Bu bolsa okuwçy ýaşlaryň ýaryşy ruhubelentlige beslemäge we erjelligini ýüze çykarmaga ýardam etdi. Çekeleşikli we gyzykly duşuşyklar sport janköýerlerine ýakymly duýgulary peşgeş berdi. Ýaryşyň netijesinde 42-nji orta mekdebiň okuwçylary birinji, 41-nji orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 1-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orunlara mynasyp boldular.

Gülaýym BOZAGANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.