Şägirtlerimizden dört medal

22 Noýabr 2023
800

Sportuň olimpiýa maksatnamasyna girizilen görnüşleriniň biri bolan boks boýunça welaýatymyzda ýetişdirilýän ezber türgenler barmak büküp sanardan kän. Ýakynda olaryň dördüsi ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatyndan medallar bilen dolandylar.

Yklym ýaryşy Gazagystanyň Astana şäherinde geçirildi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň ýygyndysynyň wekilleri tarapyndan gazanylan ýedi medalyň dördüsini biziň şägirtlerimiziň — Türkmenabat şäherindäki 8-nji sport mekdebiň türgenleriniň gazanmaklary başymyzy göge ýetirýär. Has takygy, şägirtlerimiz Watanymyza kümüş we bürünç medallaryň hersinden ikisi bilen dolanyp geldiler.

Babamyrat ROZYÝEW,
Türkmenabat şäherindäki 8-nji sport mekdebiniň tälimçisi.