Paýtagtymyz Aşgabatda uly sport baýramy

21 Noýabr 2023
607

Ertir, ýagny 23-nji noýabrda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty badalga alar. Ýaryş noýabr aýynyň 23 — 28-i aralygynda Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.

Kuraş boýunça dünýäniň ilkinji çempionaty 1999-njy ýylyň aprel aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Geçen ýyl bolsa dünýä çempionatyny Hindistanyň Puna şäheri kabul etdi. Geçen dünýä çempionatyna ýurdumyzdan 13 türgen (7-si erkek, 6-sy zenan) wekilçilik edip, olar medallaryň üçüsine mynasyp boldular.

«Ahal durmuşy».