Halklary jebisleşdirýän jadyly sungat

21 Noýabr 2023
579

14—16-njy noýabrda paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly sahnanyň jadylaýjy güýjüniň doganlyk halklary has-da jebisleşdirýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna aýratyn şan beren teatr sungatynyň bu uly baýramy Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň sahna ussatlaryny bir supranyň başyna jemledi.

Altyn güýzüň soňky aýynyň ajaýyp gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol ýerde festiwala gatnaşyjy teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de edebi-çeper çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň teatr artistleriniň we tans toparlarynyň görkezen «Türkmeniň ýoly—parahatçylyk, dostluk, doganlyk ýoly» atly edebi-sazly teatrlaşdyrylan sahnasy festiwalyň açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Baş akademiki drama teatrynyň kaşaň binasynyň giň zalynda guralan sergini türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, grafikaçylarynyň, şeýle hem Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň we sahna bezegçileriniň ajaýyp eserleri bezedi. Hormatly Prezidentimiziň «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, öz gözbaşyny halk döredijilik hazynasyndan alyp gaýdýan türkmen teatr sungatynyň özboluşly şöhratly ýoly bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň teatr sungatymyz hem täze döredijilik gözlegleri bilen kämilleşýär, tomaşaçylar bilen ysnyşykly gatnaşyk etmegiň döwrebap usullaryny özleşdirýär.

Nurgözel ÇARYÝEWA,
«Ahal durmuşy».