Nepislik dünýäsi

21 Noýabr 2023
549

Hormatly Prezidentimiziň käbesi, halypa halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp, ýüwürdilgi hala alaja nagşyny çitmesi hakydalara ýakymly ýatlamalary bagyş etdi. Bu ajaýyp pursatlar türkmeniň maşgala terbiýesiniň, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň durmuş hakykatyny görkezdi.

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan haly dokamak türkmen zenanlaryna mahsus el hünäridir. Gahryman Arkadagymyz ilhalar eserlerinde, çuň manyly çykyşlarynda, maşgala mukaddesliklerini gorap saklamakda, watansöýüji, ynsanperwer nesilleri kemala getirmekde mähriban enelerimiziň uly orun eýeleýändigini aýratyn belleýär. Bu agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlarynyň, ýol-ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçip, dowam etmeginde hem şeýle.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, žurnalist.