Küşt ýaryşy

21 Noýabr 2023
413

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde okuwçy ýaşlaryň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Bu ýaryş «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde guraldy.

Etrapdaky orta mekdeplerden gelen okuwçylara ussatlygyny görkezmäge giň mümkinçilikleri döreden ýaryş uly gyzyklanma eýe boldy. Ýaşajyk küştçüleriň özara duşuşyklary olaryň ýaryşa taýýarlykly gelendigini görkezdi. Şeýlelikde, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen ýaryşda etrapdaky 16-njy orta mekdebiň okuwçylary toparlaýyn birinji orny eýelediler. Ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebiň okuwçylary ikinji, 1-nji orta mekdebiň okuwçylary üçünji orun bilen küşt ýaryşyny tamamladylar.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.