Ýaşlaryň erjelligi

21 Noýabr 2023
428

Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň çäginde sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ýaryşyň etrap tapgyry geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady.

Ýaryş okuwçy ýaşlara sportuň stol üstündäki tennis görnüşi boýunça ussatlygyny görkezmäge mümkinçilik döretdi. Ýaryşyň guramaçylyk derejesi we döredilen giň şertler bolsa, her bir duşuşygyň turuwbaşdan çekeleşikli ýagdaýda geçmegine oňyn täsirini ýetirdi. Uly gyzyklanma eýe bolan ýaryş güýçli tennisçileri öňe saýlady.

Arzygül ÖWEZOWA,
Babadaýhan etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň mugallymy.