Kuraş — türkmen göreşiniň Watanynda myhmançylykda

21 Noýabr 2023
396

Ertir ― 23-nji noýabrda merjen şäherimiz Aşgabatda kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyna badalga berler. Munuň özi, sözüň doly manysynda sport baýramçylygydyr. Alty günüň dowamynda Aşgabat dünýäniň kuraş jemgyýetçiliginiň nazarynda bolar.

Iri ýaryşlary, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlaryny ýokary derejede geçirýändigi bilen hemişe halkara jemgyýetçiliginiň öwgüli bahasyna mynasyp bolýan döwletimiz jahanyň iň güýçli pälwanlaryny jemlejek ýaryşa hem taýýarlykly geldi.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.