Üstünligiň aýdyň ýoly

21 Noýabr 2023
787

Eziz Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlardyr dünýä çempionatlary halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga, jemgyýetimize bedenterbiýäni we sporty, sagdyn-durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny belende götermäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de halkara kuraş assosiasiýasy bilen bilelikde şu ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Kuraş bu türki halklaryň gadymy däp bolup gelýän göreşiniň bir görnüşi bolup, ol dürli halklaryň milli baýramlarynyň, toý-dabaralarynyň bezegi hasaplanýar. Onuň Merkezi Aziýanyň çäginde takmynan 3,5 müň ýyl ozal dörändigi çaklanylýar. Gadymy grek taryhçysy we filosofy Gerodot hem öz «Taryh» kitabynda gadymy halklaryň däp-dessurlarynyň hatarynda kuraşa möhüm ähmiýet berilýändigini belleýär.

Gülnäz GURBANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.