Kuraş — 2023: Myhmanlar üçin döwrebap şertler

21 Noýabr 2023
599

Paýtagtymyz Aşgabat Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji myhmanlaryny garşy alýar. Sport baýramçylygynyň myhmanlary we türgenler üçin zerur mümkinçilikleri döretmekde myhmanhanalara hem möhüm orun degişlidir.

Dünýä çempionatyna gatnaşýan resmi wekiliýetleriň, Halkara kuraş assosiasiýasynyň, milli federasiýalaryň wekilleri Olimpiýa şäherçesiniň ýakynyndaky «Sport» myhmanhanasynda ýerleşerler. Döwrebap myhmanhanada ýokary hilli otaglaryň 400-e golaýy bolup, myhmanlaryň birbada 800-sini kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde bir we iki orunlyk adaty otaglar, lýuks we ýarym lýuks otaglar, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ýörite otaglar, 700 orunlyk mejlisler zaly, 1000-den gowrak müşderä hyzmat edip bilýän restoranlar bar.

«Watan».