Iri sport baýramçylygyna ýokary taýýarlyk bilen!

21 Noýabr 2023
547

23 — 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda döwletimiziň sport babatdaky syýasatynyň, sport diplomatiýasynyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygynyň nobatdaky dabaralanmasy bolar. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy bolsa iri sport baýramçylygynyň öňüsyrasynda ählimiziň göwnümizi joşduryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Her bir abraýly sport ýaryşynyň guramaçylyk işlerinde bolşy ýaly, Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin hem ýurdumyzda giňden taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bellenildi. 16-njy awgustda bolsa bu iri ýaryşy Aşgabat şäherinde geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine gowşurylyş dabarasy boldy. Çempionata dünýäniň 50 töweregi döwletinden ýygyndy toparlar gatnaşar we türgenler medallaryň 60-sy ugrunda bäsleşerler. Şeýle-de oňa 50-den gowrak ýurtdan resmi wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Sport ýaryşlary jemi 15 (7-si erkekleriň, 8-si zenanlaryň arasynda) agram derejesinde guralyp, ýeňijiler Türkmenistanyň ýokary derejeli eminler topary tarapyndan kesgitleniler.

Allaberdi SAPAROW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.