Halklar ýakyn — kalplar ýakyn

21 Noýabr 2023
916

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has-da ösdürilýär. «Bir millet — iki döwlet» diýlip häsiýetlendirilýän doganlyk gatnaşyklar dostlugy berkitmäge, asyrlardan gözbaşly medeni köprini pugtalandyrmaga ýardam edýär. Biz muny 18 — 20-nji noýabrda Türkmenistanda geçirilen Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň mysalynda-da aýdyp bileris.

Medeni gatnaşyklaryň nobatdaky sahypasyna öwrülen bu çärä gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen türkiýeli myhmanlaryň birnäçesiniň pikirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Ýazga geçiren Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.