Sazyň gudraty

21 Noýabr 2023
723

Şahyr Gurbannazar Ezizow edebi makalalarynyň birinde «Nury Halmämmedow professional kompozitor hökmünde «Dutaryň owazyndan» başlanýarmyka öýdýän» diýýär. Ussadyň bu sazy 1962-nji ýylda ýaş kompozitorlaryň Moskwada geçirilen bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp bolýar.

Türkmen halk sazyny özüniň birinji mugallymy hasaplan ussat «Dutaryň owazyny» ikinji bir ussada — sungat ägirdi Mylly Täçmyradowa bagyşlap ýazypdyr. Mylly aganyň kämil sazlaryndan soňsuz ylham hem many alan kompozitoryň öz ruhy halypasyna bagyşlan ajaýyp eserini diňleýärkäň, sungat läheňleriniň ikisem göz öňüňde janlanana dönýär. «Dutary saýrak bilbil mysaly saýradýan ussadyň başarnygynyň öňünde baş egýän kompozitor pianinony-da dutaryň dilinde «gürletmäge» boýun egdiräýipdir-ow!» diýeniňi duýman galýarsyň. Türkmen dutarynyň ikije taryndan gaýdýan müň bir öwüşginli jadyly owazy pianinonyň ak-gara klawişlerinden syzdyryp çykarmaga synanyşyk eden saz döredijiniň şirin mukamy diňleýjiniň kalbynda gaý-tupan turzup, ony aldym-berdime salýar.

Parahat ÇERKEZOWA.
«Türkmenistan».