Kuraş boýunça dünýä çempionaty — parahatçylygyň we dostlugyň baýramy

20 Noýabr 2023
680

Ýer ýüzüniň çar künjünde ýaşaýan, dürli dillerde gepleýän, pikir-garaýyşlary we ynanç-ygtykatlary tapawutly adamlaryň bir ýere jemlenip, bir maksada ymtylmagy diňe bir akyldarlaryň asyrlarboýy arzuwlan bagty däl, eýsem, halkara sport ýaryşlaryna mahsus aýratynlykdyr. Şeýle güýje eýe bolan sportuň ýurdumyzda-da sarpalanyp, yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň amala aşyrýan asylly syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Merjen paýtagtymyz Aşgabatda — sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, dost-doganlygyň nurana şäherinde ozal geçirilen halkara sport baýramçylyklarynyň dabarasy daglary aşyp, eziz Watanymyzyň sebit we yklym derejesindäki abraýly ýaryşlary ýokary derejede guramaga ukyplydygyny Ýer ýüzüne äşgär etdi.

2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi ýaly iri ýaryşlary üstünlikli geçiren ýurdumyzda 23-nji noýabrda başlanjak Kuraş boýunça dünýä çempionaty türkmen sportunyň abraýyny has-da artdyrar. Iri ýaryşyň öňüsyrasynda kuraşyň taryhy, aýratynlyklary we düzgünleri barada söhbet etmek hem-ä ýakymly, hemem peýdalydyr.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».