Düzgünler we adalgalar

20 Noýabr 2023
415

Kuraş göreşiniň ýönekeý düzgünleri bolup, olar asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçirilip gelnipdir. 1991-nji ýylda özbegistanly pälwan, halkara derejeli sport ussady Komil Ýusupow kuraşyň düzgünlerini halkara standartlaryna laýyk getirýär.

Sportuň kuraş görnüşinde göreş düşekçesine çykýan pälwanlar ak jalbar we ýaşyl ýa-da gök reňkli ýuka halat — «ýahtak» geýýärler, şeýle hem billerine galyňlygy 4-5 santimetr bolan gyzyl reňkli mata guşagy guşanýarlar. Tutluşyklar ölçegi 14x14 ýa-da 16x16 metr ululykda, üç zolaga bölünen göreş düşekçelerinde geçirilýär. Olar «gilam» diýlip atlandyrylýar.

Muhammetnur ÝAZGELDIÝEW,
«Watan».