Altyn medalyň arzuwynda

20 Noýabr 2023
584

Döwlet Hemrakulyýew 2002-nji ýylyň 28-nji maýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherçesinde dogulýar. Başlangyç bilimi Farap şäherçesindäki häzirki 61-nji orta mekdepde alýar. Orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýär. 2022-nji ýylda bolsa birnäçe ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden ezber pälwana Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetine okuwa girmek miýesser edýär.

Sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Watanyň Baýdagyny belentde parlatmak her bir türgen üçin uly bagt. Şol ýaryş dünýä çempionaty, onda-da, öz ýurduňda guralýan bolsa şeýle üstünligiň gymmaty has-da artýar. Bizem Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda geljegine uly umyt bildirilýän türgenlerimiziň biri Döwlet Hemrakulyýew bilen söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeş bolan Merjen ÝAZLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby. «Watan».