Köki biriň — köňli bir

20 Noýabr 2023
577

Medeniýetiň halklary ýakynlaşdyrýandygyny öňem kän gezek nygtapdyk. Muňa garamazdan, şonuň ýaly manydaky sözleri ýene gaýtalasyň gelýär. Çünki şeýle wakalara, ýagny medeniýetiň halklary dostlaşdyrýandygyna ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýän wakalar bu sözüň gymmatyny has giňden açyp görkezýär. Medeniýeti öz içine alýan aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy, sahna oýunlarynyň, kinofilmleriň görkezilmegi bilen bolsa ýüreklerde medeniýet sözüne we ony öz içine alýan gymmatlyklara uly söýgi döreýär. Öz durmuşyňy, dünýäňi şeýle aýdym-sazlar, sungat eserleri bilen baýlaşdyrasyň gelýär. Şeýle ýagdaýda ruhy taýdan kämilleşýändigiňe, ösýändigiňe, özgerýändigiňe ynanýarsyň.

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýaňlanan aýdym-sazlar hem bizi medeni gymmatlyklaryň we sungatyň dünýäsine sary alyp gitdi. Bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyşy bolup, ol sungaty söýýän adamlary bir ýere ýygnady. Çünki biz — medeniýet işgärleri, şeýle hem türk sazlaryny söýüjiler bu medeniýet günleriniň geçiriljekdigini eşiden günümizden bäri oňa sabyrsyzlyk bilen garaşdyk. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň sözlän sözlerinden hem bilşimiz ýaly, medeniýet adamlary dostlaşdyrýar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».