Aşgabat Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

20 Noýabr 2023
539

23 — 28-nji noýabr aralygynda ak şäherimiz Aşgabat ýene bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder. Ýaryşa gatnaşmak üçin 53 döwletden 491 myhmanyň gelmegine garaşylýar. Olaryň agramly bölegi türgenlerdir. Çempionatda medallaryň 60-sy üçin göreşiler.

Dünýä çempionaty agram derejeleriniň 15-si boýunça — 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasynda geçiriler. Has takygy, erkekleriň arasynda 60, 66, 73, 81, 90 we 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary; zenanlaryň arasynda 48, 52, 57, 63, 70, 78 we 87 kilograma çenli we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde bäsleşikler guralar.

Parahat MÄMMETNUROW,
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan: Sport» teleýaýlymynyň teswirleýjisi.