Sport gimnastikasy boýunça welaýat birinjiligi geçirildi

20 Noýabr 2023
717

Biziň sport mekdebimizde sport gimnastikasy boýunça welaýat birinjiligi geçirildi. Ýaryşlar sport ussatlygyna dalaşgär hem-de sport ussady derejesi berlen türgenleriň arasynda aýry-aýrylykda guraldy.

Sport ussatlygyna dalaşgär gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Arzuw Kuwwatowa taý tapylmady. Ol owadan we sazlaşykly hereketleri bilen bäsdeşleriniň ählisinden köp utuk ýygnamagy başardy. Şu ýaryşda Gülbahar Seýitberdiýewa ikinji, Gülnara Jumaýewa bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Mähri JUMAKULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň usulyýetçisi.