Doganlyk halkyň döredijilik mümkinçilikleri görkezilýär

20 Noýabr 2023
582

Paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşant bolar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özgertmeler syýasatyny amala aşyrmak bilen, medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanýar. Bu bolsa öz oňyn netijelerini berýär hem-de sebitiň, dünýäniň ýurtlary bilen köpugurly gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam edýär. Ynsanperwer ulgamdaky türkmen-türk gatnaşyklary munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistan we Türkiýe özara Medeniýet günlerini yzygiderli geçirýärler. Türk alymlary, sungat ussatlary, döredijilik işgärleri ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlara gatnaşýarlar.

(TDH)
Surata düşüren Hasan MAGADOW.