«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023
2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal başlandy. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň döwlet sazly-drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly-drama teatrynyň, Tatarystanyň döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatrynyň, Özbegistanyň sazly-drama teatrynyň hem-de Türkiýäniň «Garagez we Hajiwat» kölegeli teatrynyň döredijilik toparlary Aşgabada geldiler.