«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen badalga berlen täze eýýamda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzyň halkara sport abraýy täze derejelere çykýar. Dünýä derejeli iri sport ýaryşlaryny özünde kabul etmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dürli, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlaryň geçirilmegi sport boýunça milli strategiýamyzyň iş ýüzünde amala aşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.