«Saglykdan özge dem bolmaz»

18 Noýabr 2023
796

Düýn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkeziniň mejlisler zalynda «Ýaşaýyş dem alyşdan başlanýar» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýylyň noýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenýän Öýkeniň dowamly kesellerine garşy bütindünýä göreş güni mynasybetli guralan maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglygy goraýyş, lukmançylyk merkezleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri, endokrinolog lukmanlar, professor-mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ömür dowamlylygyny artdyrmak, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň etdiler. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olary gözegçilikde saklamak boýunça toplumlaýyn we uzak möhletleýin işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylyň 18-nji dekabrynda bu keselleriň öňüni almagyň, olara garşy göreşmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we milli strategiýa kabul edildi. Ony durmuşa ornaşdyrmak ugrundaky işler Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlykda, halkara ülňülere laýyklykda alnyp barylýar.

Sülgün AKMYRADOWA,
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň uly ylmy işgäri.