Gadymy göreşiň galkynyşy

18 Noýabr 2023
488

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda sportuň we sagdynlygyň rowaçlanýan ýurdy hökmünde abraýy artýan Watanymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Ýene-de sanlyja günden bäş yklymyň ussat pälwanlary Aşgabatda jemlenip, medallar ugrunda göreşerler.

Sportuň gadymy görnüşi bolan kuraşyň meşhurlygy XXI asyrda has-da artýar. 2017- nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary sportuň bu görnüşiniň ösüşinde möhüm tapgyr boldy. Iri yklym ýaryşynyň dowamynda geçirilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisinde kuraşy XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak barada çözgüdiň kabul edilmegi hem bu ugurda bellenilmeli wakakaryň biridir. Munuň özi sportuň olimpiýa görnüşleriniň sanawyna goşulmaga ymtylýan kuraşyň abraýynyň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygyny görkezýär.

Şöhrat HALLYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň göreş görnüşleri kafedrasynyň mugallymy.