Toýlaryň bezegi

18 Noýabr 2023
802

Türki halklaryň gadymy hem däp bolup gelýän göreşiniň bir görnüşi hem kuraşdyr. Göreşiň bu görnüşi dürli halklaryň milli baýramlarynyň, toý-dabaralarynyň bezegi hasaplanypdyr. Onuň Merkezi Aziýanyň çäginde takmynan 3,5 müň ýyl ozal dörändigi çaklanylýar. Gadymy «Alpamyş» eposynda kuraş iň bir gowy görülýän we giňden ýaýran göreşleriň biri hökmünde görkezilýär. Taryhçy we filosof Gerodot bolsa «Taryh» atly kitabynda gadymy çarwa halklaryň däp-dessurlarynyň hatarynda kuraşa möhüm ähmiýet berýär.

2016-njy ýylda ÝUNESKO hoşniýetliligi we duýgudaşlygy ündäp, jemgyýetiň berkemegine uly täsir edýändigini göz öňünde tutup, kuraşy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi.

Hydyrguly TATOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.