Dünýä çempionaty halkara habarlar giňişliginde

18 Noýabr 2023
448

Ösüş-özgerişlere beslenýän Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, gazanylýan üstünlikler dünýäniň ünsüni çekýär. Ýene sanlyja günden paýtagtymyzda badalga beriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty hem halkara habarlar giňişliginde eýýämden uly gyzyklanma döredýär. Iri halkara habarlar agentlikleri we metbugat neşirleri Aşgabatda guraljak sport baýramçylygyna taýýarlyk baradaky maglumatlar bilen öz okyjylaryny yzygiderli tanyşdyrýar.

«turkic.world» internet saýtynda 23 — 28-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň geçiriljekdigi habar berilýär. Şeýle hem kuraşyň türki halklaryň arasynda giňden ýaýran gadymy sport görnüşleriniň biridigi beýan edilýär.

Taýýarlan Oguljennet NURMUHAMMEDOWA,
sport synçysy.