Futbol täzelikleri

18 Noýabr 2023
622

«Merwiň» AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýändigi bilen bagly Mary şäheriniň toparynyň 24-nji tapgyrda «Aşgabat» bilen duşuşygy wagtyndan öň geçirildi.

Şeýlelikde, Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda paýtagtymyzyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu ýeňşinden soň 24 utuk toplan «Aşgabat» topary ýaryş tertibinde dördünji orna dolandy. 12 utugy bolan «Merw» 8-nji orny eýeleýär.

Dawut SAPARMYRADOW,
sport synçysy.