Çaýyň saglyga peýdasy

18 Noýabr 2023
696

Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý — melhem hem ylham» atly eseriniň her bir setiri, her bir jümlesi çuň many-mazmuna ýugrulandyr. Bu kitapda türkmen halkynyň çaý içmek dessuryny asyrlarboýy sungat derejesine çenli ýetirilendigi barada aýdylýar. Şeýle hem dürli taryhy maglumatlara salgylanyp, çaýyň ylmy taýdan esaslandyrylan melhemlik täsiri barada gürrüň berilýär. Çaý saglyk üçin peýdaly içgidir. Mysal üçin, bal garylan çaýdaky dürli himiki birleşmeler agyryny aýryp, immun ulgamyny gowulandyrýar. Sowuklama kesellerinde, ganazlykda bally çaýyň peýdasy diýseň uludyr. Balda witaminleriň, minerallaryň we aminokislotalaryň köpdügi onuň ýokary dermanlyk häsiýetini şertlendirýär.

Süýtli çaýyň adamyň bedeninde gan aýlanyşyny işjeňleşdirmek bilen, bedende ýylylygy saklamaga kömek edýändigi lukmançylykda subut edilendir. Süýtdäki witaminler we kaliý, kalsiý, fosfor ynsan bedeni üçin zerur bolup durýar. Süýtli çaýdaky antioksidantlar ýürek-damar ulgamynyň işini gowulandyrýar. Şeýle-de, artykmaç agramly adamlara süýt garylan gök çaý içmek örän peýdalydyr. Sebäbi ol belli bir derejede artykmaç agramdan saplanmaga kömek edýär.

Altyn ELÝASOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň maşgala lukmançylygy boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň mugallymy.