Dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

17 Noýabr 2023
473

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini hem-de Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi. Olar döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Eýranyň doly ygtyýarly wekili bilen bolan duşuşygynyň barşynda birek-birege hormat goýmagyň, özara ynanyşmagyň, iki halkyň ruhy-ahlak umumylygynyň, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň berk binýadynda gurulýan köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.

«Nesil».