Melhem suwly «Arçman»

17 Noýabr 2023
547

Altyn güýzüň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary bilen Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasyna baryp görmegi bütin halkymyzda ýakymly duýgulary oýardy. Çünki «Arçman» diýilse, jana melhem tebigy suwly şypaly mesgen göz öňüňde janlanýar. Bu şypaly mesgende bir gezek bolup gören adam bu ýere ýene gelmegiň, dynç almagyň, saglygyny berkitmegiň arzuwynda. Çünki bu şypahananyň ýerleşýän ýeriniň howasy jana ýakymly, gözel hem özüne çekiji.

Bu günki gün ýurdumyzda birnäçe şypahanalar bolup, olarda halkyň saglygyny dikeltmek we medeniýetli dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Awaza» we «Bagabat» ýaly şypahanalaryň tebigy çeşmeli suwy, dermanlyk palçygydyr ýiti Gün şöhlesiniň düşüş aýratynlygy düýpli öwrenilip, ol şypahanalar halkyň hyzmatynda. Şeýle şypahanalaryň her biriniň näsaglary we saglygyny berkitmek isleýän raýatlarymyzy kabul etmäge, olara talabalaýyk hyzmatlary hödürlemäge doly mümkinçiligi bardyr. Şeýle şypahanalaryň biri bolan «Arçmanda» alnyp barylýan işler-de guwandyryjydyr.

Gözel ÖWEZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iç keselleriniň propedewtikasy kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, dosent.