halkara teatr festiwalyny baý many-mazmuna besledi
Düýn ýurdumyzda uly ruhubelentlige beslenen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal öz işini tamamlady. Üç gün dowam eden döredijilik gözden geçirilişinde teatr toparlary paýtagtymyzdaky we Arkadag şäherindäki tomaşa jaýlarynda dürli žanrlardaky sahna eserleriniň üsti bilen aktýorlyk, režissýorlyk ussatlyklaryny görkezdiler. Nobatdaky forum dostlukly halklaryň ruhy aragatnaşygyny ösdürmekde, dünýäde parahatçylygy goldamakda, ýurtlaryň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de sungat ussatlarynyň arasyndaky döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmekde, häzirki zaman teatr sungatyny has-da baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.