Janly sungatyň baýramy

16 Noýabr 2023
683

Sungat — halklary jebisleşdiriji, doganlaşdyryjy ruhy dünýä. Türkmenistan döwletimiz bolsa şol ruhy dünýäniň ajaýyp merkezi. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynyň ata Watanymyzda geçirilmegi we oňa birnäçe döwletleriň teatr ussatlarynyň gatnaşmagy Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwletdigine şaýatlyk edýär. Festiwala ýurdumyzyň Arkadag şäheriniň we paýtagtymyzyň döwlet teatrlary öz sahna eserleri bilen gatnaşdy. Biz hem halypa sahna ussady, kinorežissýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýew bilen festiwalyň täsirleri, sungatyň täsinligi dogrusynda söhbetdeş bolduk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi:

— Ýurdumyz halkara forumlaryň, festiwallaryň geçirilýän ojagyna öwrüldi. Biz bu gün «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalynda doganlyk halklarymyzyň sahna ussatlary bilen tanyşdyk, didarlaşdyk, pikir alyşdyk, geçen süýji günleri ýatlaşdyk.