«Ýaşlar» kinofilmi

16 Noýabr 2023
767

Golaýda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan režissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň ýazyjy Öre Daşgynowyň ýazan edebi esasy boýunça surata düşüren «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Filmde degişmeli görnüşleriň üsti bilen ýaşlaryň durmuş ýollarynda garaşylmadyk wakalary, şeýle-de gahrymanlaryň keşplerinde sadalyk, ygrarlylyk ýaly häsiýetler suratlandyrylýar. Bu filmiň baş gahrymanlarynyň biri Wepanyň keşbini Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň ýaş artisti Serdar Artykow, Keýigiň keşbini bolsa Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň ýaş artisti Ogulşat Jumaýewa ýerine ýetirýärler.

Baýmyrat MUSAÝEW,
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň esasy hünärmeni.