Halkara teatr baýramçylygy

16 Noýabr 2023
630

Ýakynda paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty»  atly IV halkara festiwaly geçirildi. Bu ajaýyp  baýram Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň wekiliýetlerini, ýagny  meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň döredijilik toparlaryny hem-de sahna sungaty boýunça hünärmenleridir teatry öwrenijileri özara birleşdirdi.

Festiwalyň açylyş dabarasy  Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki özboluşly milli lybaslaryň göllerinde şöhle saçýan meýdançada dabaraly baýramçylyk ýörişi bilen başlandy. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň öňündäki meýdançada özboluşly bezelen sahnada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik topary özleriniň taýýarlan edebi-çeper çykyşlarynda Magtymguly Pyragy, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlaryň, milli we dünýä dramaturgiýasynyň nusgalyk gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrmak arkaly myhmanlary garşyladylar.

«Adalat».