Saglygymyza ünsli bolalyň!

15 Noýabr 2023
692

Her ýylyň 14-nji noýabrynda Bütindünýä Diabet keseline garşy göreş güni dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden bellenip geçilýär. Bu bolsa süýjüli keseliniň öňüni almakda, oňa garşy göreşiň netijeli bolmagynda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk ornaşdyrylmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Süýjüli keseliniň öňüni almak üçin kadaly iymitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak möhümdir. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň başlangyjy bilen 1993-nji ýylda Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň binýadynda süýjüli keselden ejir çekýän syrkawlar üçin ilkinji okuw mekdebi döredildi. 2000-nji ýylda Diabet merkezi açyldy. Häzirki wagtda ähli saglyk öýlerinde saglyk mekdepleri hereket edýär. Her bir saglyk öýüne gelen raýatlara sagdynlyk babatda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ylaýta-da, süýjüli keseli iň irki döwürde ýüze çykarmak, onuň döremeginiň öňüni almak üçin bu döwrüň örän wajypdygyny göz öňünde tutup, maşgala lukmanlary nesil yzarlaýjylygy bolan adamlary (semizlikden ejir çekýänleri, uly agramly çaga dogran zenanlary we uly agramly doglan çagalary) gözegçilige alyp, bejergini wagtynda almagy guraýarlar.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň ýene-de bir esasy ugurlarynyň biri dem alyş ulgamynyň keselleridir. Maşgala lukmanlaryna ýüz tutýan her bir raýat dem goýberilişiniň möçberini, tizligini, ganyň düzümindäki glýukozany ölçemek, howply faktorlara garşy göreşmek boýunça düşündiriş işlerini geçirmek üçin saglyk merkezine iberilýär. Bronhial dem gysmanyň, öýkeniň dowamly keselleriniň öňüni almak üçin barlaglaryň geçirilip, näsaglara sagaldyş çäreleri alnyp barylýar. Elmydama işjeň hereketde bolmaly, dem alyş maşklaryny ýerine ýetirmeli. Arassa howada tigir sürmek hem dem almagyň göwrüminiň giňelmegine, dem almaga gatnaşýan myşsalaryň türgenleşmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Kadaly we dogry iýmitlenmeli. Biziň her birimiz saglygymyza ünsli bolmaly. Näsaglanymyzda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Aýsoltan ÝAGMYROWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji saglyk öýüniň baş lukmany.