Sungat baýramy

15 Noýabr 2023
672

Sungat — halklary bir döwräniň daşyna birikdirýär. Birek-birege mähir üleşip, halklary dostanalyga çagyrýar. Megerem, sungatyň güýji diýilmeginiň özi, şonuň üçin bolsa gerek.

Şu günler ýurdumyzda dowam edýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal hem ýokarda aýdylan jümlelere ýene bir gezek esasdyr. Noýabr aýynyň 14 — 16-sy aralygynda geçirilýän bu sungat baýramçylygynyň açylyş dabarasy turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Säher bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň öňündäki meýdançada festiwala gatnaşyjy teatr toparlarynyň dabaraly ýörişi hem-de edebi-çeper çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ýörite habarçymyz.