Sungatym bar — hormatym bar

15 Noýabr 2023
702

Ökde sazandalar ýetişdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde we dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Aýratynam, ýaş nesli aýdym-saz sungatyna ugrukdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek wajyp wezipe bolup durýar.