Göwünleri galkyndyrýan üstünlik

15 Noýabr 2023
626

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde uly rowaçlyklara beslenýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy düzümleriniň — BSGG-niň, BMGÖM-niň, ÝUNISEF-niň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Ýurdumyza Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit býurosy tarapyndan düzülen Ýewropanyň tehniki maslahat beriş bilermenler toparynyň Türkmenistanyň immunizasiýa arkaly wirusly gepatitiň B görnüşine garşy göreş boýunça sebitleýin maksatly görkezijileri ýerine ýetirendigini tassyklaýan güwänamasy gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak ýaly möhüm ulgamda gazanylan üstünlikleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Güwänamada tutuş Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygyna abanýan howp hökmünde wirusly gepatit keselini aradan aýyrmak boýunça maksatlary ýerine ýetirmekde bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi bellenilýär.

Mähri ÖWEZOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.