Balyk ýagy

15 Noýabr 2023
774

Balygy we onuň ýagyny ata-babalarymyz gadymdan bäri halk lukmançylygynda giňden peýdalanypdyrlar. Onuň eti berhizlik önümlere, ýagy bolsa kän dertlere dowa melhemliklere degişlidir.

Balyk ýagy çagalary igleme keselinden goramak bilen boýunyň ösmegine hem oňyn täsir edýär. Bu ýag bedenimizdäki öýjükleriň işini işjeňleşdirýär. Gandaky holestriniň derejesini peseldýär we olaryň emele gelmeginiň öňüni alýar.