Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ýoly

14 Noýabr 2023
624

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda baky Bitarap Watanymyz halkara giňişliginde parahatçylygy pugtalandyrmak, durnukly ösüş, energetika howpsuzlygy, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, suw diplomatiýasy, ekologiýa abadançylygy ýaly möhüm ugurlarda sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň yzygiderli hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň biri hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna iş saparynda bolup, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmagy bu tagallalaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýän wakalaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda döwletara gatnaşyklary häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna laýyk gelýän täze derejä ýetirmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýär. Guramanyň 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi, onuň netijeleri boýunça jemleýji resminama, ýagny Hereketleriň Aşgabat konsensusy kabul edildi. Ýurdumyzyň başlyklyk eden döwründe YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energetika, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.

Tahyr WELIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.